logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi
  09.09.2025
3554
III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleri tarapyndan III Aziýa medeniýet festiwaly guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.

 

Festiwala Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

 

Türkmenistanyň sergi bölüminde milli geýimler, haly önümleri, nagyşlar, saz gurallary we häzirki zaman bezeg aýratynlyklary görkezildi. Türkmen bagşysynyň dutarda ýerine ýetiren milli halk aýdymlary bolsa baýramçylyk maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

 

Şeýle hem myhmanlara türkmen edebi mirasy tanyşdyryldy: Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri we Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn diline geçirilen terjimeleri görkezildi.

 

Ýurduň milli lybaslarynyň gadymy däpler bilen häzirki döwrüň modasynyň sazlaşygyny görkezýän toplumy sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Dabaranyň jemleýji böleginde «Aziýa ýurtlarynyň aşhanasy» atly sergide gatnaşyjy döwletleriň milli tagamlary hödürlenildi.

 

Yklym ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.