logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli gepleşikler
  17.02.2026
268
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli gepleşikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar bilen ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ABŞ-a ugrady.

 

Soňky ýyllarda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar has işjeň häsiýete eýe boldy. Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda dürli önümçilik we tehniki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Öz gezeginde, türkmen tarapy hem hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we özara bähbit ýörelgelerine esaslandyryp ösdürmegi maksat edinýär.

 

Hyzmatdaşlygyň çäginde senagat we oba hojalyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmegi möhüm ugurlar hökmünde görkezilýär. Şeýle gatnaşyklar ykdysady ösüşiň diwersifikasiýasyna hem goşant goşýar.

 

Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki şertlerde döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnuklylygyny üpjün edýär.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ABŞ-a sapary dowam edýär.