Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Il saglygy-ýurt baýlygy
  15.03.2020
541
Il saglygy-ýurt baýlygy

        Biziň ýurdumyzda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy baradaky aladalar gönüden-göni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2020-nji ýyly “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýyly diýip yglan edilen ýylynda, alnyp barylýan içeri syýasatyň saglyga, sosial-durmuş goraglylyga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçmelidir. Obalarda durmuş maksatly we saglyk maksatly ymaratlaryň gurulmagy, çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň toplumlaýyn döredilmegi biziň üçin guwandyryjy wakadyr. Türkmenistan halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen işine öz goşandyny goşmaga ymtylýandygyny «Saglyk-2020» syýasatynyň çäginde hem görmek bolýar. Ýurdumyzda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda öňde goýlan wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda ýerine ýetirmek boýunça Milli strategiýany tassyklamak hakynda» karara gol çekilip, bu resminamada göz öňünde tutulan uly işler Türkmenistanyň çilim çekmäge garşy işjeň göreşmegiň bütin dünýä üçin nusgasy bolmaga ukyply döwlet, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alýan we olara garşy göreş alyp barýan ýurtdugyna şaýatlyk edýär.

      Ýurdyň içerki abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi hem bagtyýarlygy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyna itergi berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzda adam saglygy baş aladalaryň birine öwrüldi. Ilatyň durmuş üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň, şol sanda ýaşaýyş jaý, aýlyk-zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy täze iş orunlarynyň döredilmegi ilat saglygynyň görkezijileriniň has-da ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
      Şu günki günde döwletimizde jemgyýetiň baş gymmatlygy bolan adamyň saglygyna hyzmat edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň gözbaşynda durup, saglygy goraýyşda ýetilen şu günki sepgitlere badalga beren başlangyçlary öňe sürülýär. Şeýlelikde, ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň birnäçe güwänamalaryna we baýraklaryna mynasyp bolup, ýurdumyzyň esasy wezipesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilata sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça hyzmat etmek bolup durýar.