logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ilata 20-den gowrak görnüşli şöhlat önümleri hödürlenilýär
  20.01.2023
1269
Ilata 20-den gowrak görnüşli şöhlat önümleri hödürlenilýär

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary et we et önümleriniň bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar.

Geçen 2022-nji ýylda bu ýerde et we et önümleriniň 25 tonnadan gowragy öndürildi. Munuň özi pul hasabynda alanyňda 2 million 151 müň 595 manatlyga barabardyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zähmet adamlarynyň iş depginleri ýokarlanýar. Şu günler ilatyň saçagyna şöhlat önümleriniň 20-ä golaý görnüşi ýetirilýär. Olaryň arasynda birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň ýarym kakadylan we gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçe ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.