logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Ilkinji äýnekleriň döredilmegi
  14.02.2023
1923
Ilkinji äýnekleriň döredilmegi

XIII asyryň II ýarymynda ilkinji äýnekleriň Italiýada peýda bolandygy çak edilýär. Äýnek 1284-nji ýylda Salwador De Armate tarapyndan döredilendigi öňe sürülýär.

Emma, äýnekleriň watany diýlip, iki linzany birikdiren Florensiýada ýaşap geçen äýnek öndüriji Armatedir. Bu ýerde häzire çenli hem äýnekleriň daşy ilkinji oýlanyp tapylan şäheri hasaplanýar. Gynansagam, bu hadysanyň subutnamasy tapylmady, ýöne optiki linza bilen şöhlelenmäni täzeläp, ýoýulan şekili tekizlemek pikirini Florentliniň teklip edendigi mälimdir.

Görüş üçin enjamyň Florensiýada öndürilendigine garamazdan, dünýädäki ilkinji görüş enjamlary b.e. öňki 106-njy ýylda hem bar bolandygy mälim edilýär. Ýagny, Siseron gözüniň pes görýändigi barada zeýrenip, onuň üçin ýörite aýnany suwdan doldurylyp ýasalypdyr diýlip hasap edilýär.

XI asyryň birinji ýarymy dünýäde şöhlelenmäni ulaldýan obýektiwiň oýlanylyp tapylandygy aýan boldy. Arap ýazgylary peýda bolansoň, ýewropalylaryň geçiren synaglarynyň dowamynda Florensiýada iki linzany birleşdirmek pikiri döräp başlanandygy barada ýazgylary tapypdyrlar. Hat-da Tutankhamunyň gazuw-agtaryş işlerinde hem arheologlar köp ýerlerde günlük äýneklerinden linzalary tapylypdyr. Mümkin, faraonlar gözlerini günüň ýagtylygyndan goramak üçin linzalary döretmek üçin eýýäm ýeterlik bilimlere eýe bolsa gerek.

Gadymy Rimiň çäginde zümerret ýaly gymmat bahaly daşlaryň giňden ulanylandygy hem-de alymlaryň pikirine görä, gözüňi gowulaşdyrmakda gowy täsiriniň bolandygyny çaklaýarlar. Taryhy çeşmelere görä zümerret äýnek, imperator Neron gözleri ýadan mahalynda geýipdir. Emma bular häzirki zaman äýnek däldir. 

 

Eşret ALYMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.