logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ilkinji hasyl ýygnalýar
  16.12.2020
682
Ilkinji hasyl ýygnalýar

      Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk obasynyň çäginde ýerleşýän “Nedir gala” hususy kärhanasynyň telekeçiler Türkmenistanyň Prezidentiniň orta we ýokary telekeçilere berilýän ýeňilliklerinden netijeli peýdalanýarlar. Olar şol ýeňilliklerden ugur alyp, özlerine degişli ekerançylyk meýdanlaryndan bol we ýokary hili önümleri almak ugrynda çalyşýarlar. Olar gök önümleri ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirp, olary ak bazarlarda halkymyza elýeterli görnüşde çykarýarlar. Bu gün hususy kärhananyň ýene bir önümi – pomidoryň ilkinji hasylary ýygnalyp ugrady. Ol pomidorlar türkmen halkynyň iň bir islegli önümi bolup, gyşyň gyş paslydygyna garamazdan türkmen saçagyny bezeýärler. Şeýle hem ol owadan hem tagamly önümler diňe bir Tejen etrabynyň, şäherini däl, eýsem, Ahal welaýatynyň çägindäki ak bazarlaryny hem-de onuň çägindäki dükanlarynyň tekjelerini bezeýärler.

         “Nedir gala” hususy kärhanasynyň gök önümleri – pamidorlary diňe bir ýurduň çäginde azyk bolçulygyny döredmän, ol bitaminli önümler ynsan saglygyna hem gow täsir edýär. Mundan başga-da, bu hususy kärhanada diýseň tagamly pomidoryň şitilleri hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu şitiler diňe bir hususy kärhananyň ekerançylyk meýdanlarynda ulanylman, oňa isleg bildirýän höwesli ekerançylara elýeterli bahalarda satylýar. Munuň özi bolsa ak bazarlarda gök önümleriň möçberiniň has hem artmagyna galyp barýar. Bu gök önümler täze ýyl baýramçylygynyň bereketli saçagynyň hem bezegi bolar.