logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Ilkinji jaňlar kakyldy, bilim ojaklary gapysyny açdy
  01.09.2022
850
Ilkinji jaňlar kakyldy, bilim ojaklary gapysyny açdy

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Kakylan ilkinji jaňlar täze ― 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady.

 

 

Ir säher bilen Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçirildi. Aşgabatda we welaýatlarda täze okuw-terbiýeçilik edaralary açyldy. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guraldy. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan 159 müň 772 okuwça Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berildi. Ähli bilim bilim edaralarynyň ilkinji okuw sapaklary bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçirildi.

 

 

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň çäginde orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si açylyp ulanylmaga berildi. Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar. Mugallymçylyk ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny tamamlan ýaşlaryň 3165-si Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň bilim edaralaryna işe ýollanyldy. Şeýle-de diplomlary ykrar edilen pedagogik bilimli raýatlaryň 411-si bilim edaralaryna işe kabul edildi.