logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Ilkinji kompýuter programmisti
  05.12.2022
1676
Ilkinji kompýuter programmisti

Ilkinji kompýuter programmisti Ada Lovelace atly bir iňlis zenan bolupdyr. 1815-nji ýylda doglan Lovelace çagalygyndan matematika, ylym we logika boýunça bilim alypdyr we şol döwrüň iň ajaýyp matematikleriniň birine öwrülipdir.

Maşynlar we tehnikalar bilen gyzyklanýan Lovelace 1833-nji ýylda matematik Charles Babbage bilen tanyşýar. Babbage, «Tapawutly hereketlendiriji» atly hasaplaýyş maşynyny we ondan has çylşyrymly amallary ýerine ýetirýän «Analitik hereketlendiriji» ýaly maşynlary ýasady. Lovelace - «Analitik hereketlendiriji»-siniň birnäçe matematiki amallary ýerine ýetirip biljekdigine düşündi we bu maşyny Bernulli sanlaryny döretmek üçin ulandy. Bu sanlary hasaplamak üçin ýazan algoritmi taryhdaky ilkinji kompýuter programmasy hasaplanylýar. Şunlukda, Bernulli sanlar ilkinji kompýuter programmasynyň esasy mowzugy boldy.

Lovelace döwründe programmirlemek hünär hasaplanmaýardy. Kompýuter programmisti atly hünär - 1852-nji ýylda Lovelace aradan çykandan bir asyr töweregi soň peýda boldy. Häzirki wagtda bolsa kompýuterde programmirlemek hünäri iň çalt ösýän ugurlarynyň biri hökmünde görülýär.

Her ýylyň oktýabr aýynyň ikinji sişenbesi dünýäde Ada Lovelace-iň güni hökmünde bellenilýär. Şol gün baýramçylyk hökmünde zenanlaryň ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ýaly ugurlara goşan goşantlary öňe çykarylýar we agzalyp geçilýär. 

 

Batyr ILMYRADOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň Maglumat 
tehnologiýalary we programmirleme
fakultetiniň talyby.