Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ilkinji stepler nirede we haçan döräpdir?
  27.02.2023
882
Ilkinji stepler nirede we haçan döräpdir?

Häzirki wagtda durmuşymyzda gündelik ulanylýan  kanselýar serişdesi bolan «stepler»  Fransiýada döräpdir. Ilkinji stepler XVIII asyrda Fransiýanyň koroly Lýudowik XV üçin niýetlenip ýasalýar. Fransuz koroly Lýudowik XV stepleri ilkinji bolup ulanan adam hasaplanýar. Stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň  giňden ulanylyp başlamagy bilen, diňe şalar, hökümdarlar üçin däl eýsem her bir edaralarda hem gerekli zada öwrülipdir.

1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin tassyknama alýar. «Stepler» sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girizilýär. Şol wagta çenli ony «berkidiji» diýip atlandyrypdyrlar. 1914-nji ýylda bu kanselýariýa enjamy ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. Şonda oňa «stepler» diýen ady berlipdir. 500 adamdan ybarat bolan iş edaralaryna  bir stepler ýeterlik hasaplanypdyr. 1923 -nji ýylda «Boston Wire Sticher Co» şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr we uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Häzirki wagtda stepleriň ululy-kiçili dürli görnüşleri bardyr. Onuň iň ululary 250 sahypany berkitmäge niýetlenendir. Kanselýar enjamy bolan «stepler»  häzirki  wagtda dünýäniň islendik künjeginde hem amatly we elýeter bahadan satylýar. 

 

Ýazgül MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.