logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /IŇ BEÝIK MINARALAR
  04.05.2023
1210
IŇ BEÝIK MINARALAR

Şanhaý minarasy. Bu beýik we täsin minara  Hytaý döwletiniň Şanhaý şäherindäki Pudun etrabynda ýerleşýär. Şanhaý minarasyny beýikligi 632 metre ýetýär. Bu minaranyň  9 sany biri-birine jebis berkleşen slindr şekilli ymaratlary bar. Onuň daşky şekili 120˚ towlanan ýagdaýynda we onuň slindr şekilli ymaratlary şemalyň güýjüni 24% çenli peseldip bilýär. Minaranyň 14 % bölegi aýnadan ýasalan. Ol özüniň owadanlygy we beýikligi bilen tanalýar. 

Abraž Al-Beýt minarasy. Saud Arabystandaky Mekkede ýerleşýär. Minaranyň beýikligi 601 metr, meýdany 1500000 m2. Agramy boýunça dünýä ýüzinde birinji orunda durýar. Depesindäki ýarym aýyň diametri 23 metr, agramy 107 tonna we ol ýer ýüzindäki ähli barlyklaryň içinde iň ulusy hasaplanýar. Bu minaranyň  öň tarapynda ýerleşen her bir bölek minaralarynyň beýikligi ýerden 400 metr belentlikde ýerleşýär. Bu binalar toplumy Al-Haram metjidiniň garşysynda ýerleşýär, howlusy Käbe tarapa seredip dur. Abraž Al-Beýt minarasynyň myhmanhanasy 100 müň orunlyk  zyýaratçyny  ähli zat bilen üpjün etmäge niýetlenen. 

Burž-Halifa. Dünýä boýunça iň beýik minara. Onuň beýikligi 828 metre ýetýär. Bu minara  163 gatdan ybarat. Her gün gijesine Burž-Halifa minarasy janlanýar we her hili öwüşginli şöhle saçýar. Özüniň täsinligi, owadanlygy we beýikligi bilen tanalan bu beýik minara rekordlar kitabyna girizildi. 

 

Muhammet GARÝAGDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.