logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Iň eýjejik gyzjagaz -2020
  15.02.2020
1469
Iň eýjejik gyzjagaz -2020

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim Ministirligi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Çagalar, siz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim – ukubyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz“ diýen sargydyndan ugur alyp mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän „Iň eýjejik gyzjagaz -2020“ atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry hem guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige etrabyň okuwçy gyzjagazlary gatnaşdy.

     Bäsleşigiň şertlerine görä iň eýjejik gyzjagazlar öz aralarynda aýdym aýtmakda, milli egin eşigini waspetmekde, çeper okamakda  bäsleşdiler. Bu bäsleşikde emin gazalar toparyň netijesine göra etrabyň 16-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Allanazarowa Aýgül 1-njy oruna mynasyp boldy. 2-nji oruna etrabyň 17-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Nurmyradowa Nurana mynasyp boldy. 3-nji oruna bolsa etrabyň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Meredowa Emine mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşyryldy.