logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /“Iň eýjejik gyzjagaz-2021”
  08.03.2021
1245
“Iň eýjejik gyzjagaz-2021”

     Ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini           has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen Iň eýjejik gyzjagaz-2021” atly şadyýan bäsleşigiň bu gezekki etrap tapgyrynda-da höwesjeň, zehinli okuwçy ýaşlar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşikde kiçi ýaşly gyzjagazlaryň perzentlik borjy, Watana bolan söýgüsi, päk ahlaklylyk asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormat goýmak ýaly häsiýetleri ösdürmek göz öňünde tutuldy.

      Bäsleşigiň şertlerine görä çykyş eden okuwçylar Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dostlugy-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek hem-de ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

         Bäsleşigiň etrap tapgyry etrabyň 19-njy orta mekdebinde geçirilip bäsleşikde 11-nji orta mekdebiniň 2-nji „E“ synp okuwçysy Medine Gurbanowa öz başarjaňlygy bilen baýrakly birinji ornyň eýesi bolmagy başardy. Ikinji orna etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 3-nji „A“ synp okuwçysy Hatyja Amandurdyýewa, üçünji orna bolsa etrabyň  5-nji orta mekdebiniň 4-nji „Ä“ synp okuwçysy Aýnur Döwletgeldiýewa degişlilikde mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary we bäsleşige gatnaşan beýleki gyzjagazlara hem höweslendiriji sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem etrap derejesindäki geçirilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2021” atly şadyýan bäsleşigiň ýeňijileri bu ugur boýunça welaýat derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.