logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi
  28.02.2023
1816
«Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guraýan «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşige etrapdaky orta mekdepleriň 2-4-nji synplarynda okaýan gyzjagazlar gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda,  ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlary aýtdylar, milli egin-eşiklerimizi geýip, ony şahyrana sözler bilen tarypladylar, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän el işlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Birinji orna etrapdaky 27-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Melek Garmämmedowa, ikinji orna 22-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Ülker Annadurdyýewa mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.