logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Iň kiçi goşatoýnakly jandar
  02.06.2022
1402
Iň kiçi goşatoýnakly jandar

Ýer ýüzündäki goşatoýnakly süýdemdiriji jandarlaryň arasynda iň kiçi jandar hökmünde hasaba alnan bu kinniwanja sugunşekilli jandar örän täsindir. Ýaňy-ýakynda Ispaniýada dünýä inen bu kiçijik jandaryň agramy bary-ýogy 113 gram töweregidir. Iň ulusynyňky 1,5-2 kg deň. Bedeniniň beýikligi 25 sm, uzynlygy guýrugy bilen bilelikde 45 sm deňdir. Täsin ýeri onuň ene-atasy hem şeýle ululykda. Olar esasan hem ýekelikde ýaşamak ýörelgesini alyp barmak bilen, ösümlikleriň wegetatiw böleklerini, baldagyny, ýapragyny we miwelerini iýýärler. Gündizine o diýen işjeň bolman, gijesine iýmit gözlemek üçin çykýarlar. Esasan hem Merkezi Afrikanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň tropiki tokaýlarda duşýar. Göwresiniň kiçijik bolandygy sebäpli agaçlaryň kökleriniň we gyrymsy agaçlaryň arasynda ýaşaýarlar. Ýene-de bir bellemeli zat, olar suwda oňat ýüzüjilerdir. Mundan ozal Sumatra we Kalimantan adalarynda ululygy 70-75 sm, agramy 3-5 kg bolan kiçijik sugunşekilli jandarlara duş gelnendigi hakda maglumatlar bar. Olar san taýdan örän az bolup, ýitmek howpy astyndadyr. Alymlaryň paleontologiki çaklamalaryna görä, gadym wagtda oligosen eýýamynda (34 mln ýyl ozal) şuňa meňzeş jandarlaryň ýaşandygy hakynda ylmy çaklanmalar bar.

Gunça ÖMÜRSÖÝÜNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.