Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Iň uly söýgi-Watana bolan söýgi
  11.11.2019
1016
Iň uly söýgi-Watana bolan söýgi

     Säher bilen gözýetimde çyzylan günüň şöhlesine ýagtylýan asuda asmanyň astynda oýanmagyň özi ullakan bagt ahyryn. Adamlar özüniň eý gören zadyny güllere deňeýärler. Ynha,bagy-bossana öwrülip, gyşy- ýazy güllere bürenip otyran diýar, bu biziň Watanmyz eziz Türkmenistandyr. Bü günki gün biz ýaşlara mekdep bolup durýan ýaşuly nesil şeýele ajaýyp zamanada ýaşaýanlygyna begenýär. Ylmyň ähli pudaklarynda Hormatly Prezidentimizi nusgalyk edinýän ýaşlarmyz bolsa özlerinde şeýle mümkinçilikleriň barlygyna buýsanyp geljege sary ynamly barýarlar. Watanmyzyň ertirki güni bolan çagalar, “Dünýäniň iň bagtly çagalary” diýen adyň eýesidir. Ata-babalarmyzyň yhlasyna eýlenen eziz Watanmyzyň bagtyýar şu güni we eşretli geljegi baradaky aladalar owal başdan Gahryman Arkadagymyzyň zähmetiniň gözbaşyna öwrilendir.  Hut şonuň üçin hem ösip gelýän ýaş nesilleri watansöýjilik we Watanmyza wepalylyk, ata- babalarmyzyň ahlak ýörelgelerine eýermek, türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän milli däp-dessurlaryna we urp-adatlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

     Türkmençilikde “Oguldyr döwletiň başy”-diýilýär. Oglan çagany terbiýelemekde  esasy borç ata ýüklenilýär. Şol esasdanam her bir ata merdana ogly ýetişdirmek üçin gör näçe gijeleri ukysyz geçirýändir. Bu biziň ata-babalarmyzdan gelýän kada. Entäk çagalar bagyna gatnap ýören çagalara Watansöýjiligi ündeýän ertekileriň öwredilmegi ýöne ýere däl. Heniz bäş -alty ýaşly çagajyk watan baradaky goşgularyň onlarçasyny ýatdan bilýär. Bu eýýäm aýratyn bellenilmeli ýagdaý. Ynha  mekdep döwründe geçilýän sapaklarda “Görogly” eposyndan  başlap, birnäçe rowaýatlar, tymsallar, goşgularyň üsti bilen çagalara ata-Watanmyzyň bir gysym topragynyň jandan ezizligi ündelinýär. Her bir sözüň üsti bilen türkmen öz nesline Watan- bu seniň mekanyň , Watan- ol sen namysyň-aryň, Watan- göziň göreji, Watan-ataň, toprak-eneň, Watan-seniň iň gymmatly baýlygyň, Watan-bu seň kasamyň, ine şu Watan-seniň Watanyň diýip, ýönelige ýanjamaýar. Owal ahyr ganynda şeýle söýgi bolan türkmen ýigitleri kämillik ýaşyna ýeten soň özleriniň watan öňündäki mukaddes borçlaryny berjaý etmek üçin “Harby kasamy” kabul edýärler. Bu duýgyny eýýäm siziň birnäçäňiz başdan geçirensiňiz?! Şol pursat öz oglunyň harby geýimde şu Watanyň gullugyna taýynlygyny gören ene- ata begençden gözlerini ýaşlaýar. Megerem ene-ata üçin iň uly bagt şu bolsa gerek. Ine şeýdip eziz Watan, dagyňy-düzüňi, dere- depäňi, sähralaryňy, derýalarňy, namysyňy-aryňy watan ogullary nobama-nobat gorap gelýäler. Diňe Watanyny söýýän adam  “Watan üçin “-diýip döşüni gerip biler. Iň uly söýgi -Watana bolan söýgüdir. Aslynda watanperwerlik, kasama ygrarlylyk türkmen halkynyň zanynda bardyr. Yna hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyz “Mertler Watany beýgeldýär”-diýýär. Arkadag oguldan penaly zamanada goý her bir dogýan günüňiz asuda asmanyň asdyndan tylla şöhlesini syzdyryp dogsyn. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan, Oguz iliniň gadym diýarynda parahatlyk aýdymy ýaňlanyp dursyn.