logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Indoneziýada bolan pajygaly ýer titremede 268 adam aradan çykdy
  23.11.2022
1073
Indoneziýada bolan pajygaly ýer titremede 268 adam aradan çykdy

Indoneziýanyň Günbataryndaky «Java» welaýatynda 5,6 derejesinde ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk welaýatda ep-esli maddy zyýana sebäp boldy.

Indoneziýa hökümeti tarapyndan berlen soňky maglumatlara görä, ýer titremesinde pida bolanlaryň sany 268-e ýetdi. Beýleki tarapdan, ýer titremesinde azyndan 151 adamyň dereksiz ýitendigi we 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Ýer titremesinde 22 müňden gowrak jaýyň weýran bolandygyny we 58 müňden gowrak adamyň öýsüz-öwzarsyz galandygy aýdylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna hem-de köp sanly şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.