logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Indoneziýadaky Semeru wulkany sebäpli 2 müň adam ewakuasiýa edildi!
  05.12.2022
992
Indoneziýadaky Semeru wulkany sebäpli 2 müň adam ewakuasiýa edildi!

Indoneziýanyň Gündogar Cava welaýatyndaky Semeru wulkanynyň gaýtadan işjeňleşmegi sebäpli sebite golaý ýaşaýan 2 müň töweregi adam ewakuasiýa edildi. Indoneziýanyň Milli betbagtçylyklary dolandyryş gullugy bu ýerdäki ilatyň howpsuz ýerlere ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

Häzirki wagtda sebitde hiç hili adam pidasynyň ýokdugy mälim edilýär.

Belläp geçsek, Indoneziýada 130-dan gowrak işjeň wulkan bar. 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda wulkan atylmagy sebäpli 50-den gowrak adam aradan çykdy.