logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
  21.12.2022
1693
Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we halka hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Şeýle hem aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki esasy ulgam hökmündäki ösüşiniň esasy ugurlaryny däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny hem kesgitleýär.

Milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegi, iň täze ugurlaryň, innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinden habar berýär. Şeýle beýik ösüşler bilen halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Gapur DURDYÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.