Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Institutyň täze binalar toplumy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler
  17.09.2023
1311
Institutyň täze binalar toplumy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler

Halkymyz gurmagy, döretmegi iň bir haýyrly iş hasaplaýar. Çünki, gurmak, bina etmek geljegi nazarlaýan maksatly iş bolup durýar.  Sebäbi her bir gurlan desga, bina halkymyza hyzmat edýär. Bu günki gün dünýä ulňülerine laýyk gurulýan jemgyýetçilik desgalary agzybir halkymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar.

 

2023-2024-nji täze okuw ýylynda binýady tutulan ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy uly orun alýar. Şeýle desgalaryň sanynyň barha artýandygy ýurdumyzda  bilim ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini tassyklaýar. 

 

Geljekki ykballaryny ýurduň gurluşyk ulgamy bilen baglan türkmen halky ökde hünärmen edip ýetişdirmekde uly tagallalary edýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, ol 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi.

 

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bir hatarda binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talyp bilim alýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda düýbi tutulan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Jemal KURBANOWA,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.