logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /“IPhone 14” hemra arkaly aragatnaşyk hödürlär
  19.03.2022
1152
“IPhone 14” hemra arkaly aragatnaşyk hödürlär

“IPhone 14” seriýasynyň şu ýyl çykmagyna garaşylsa-da, täze model barada köp talaplar öňe sürülýär. Şeýle hem, “Apple”-iň uzak wagtlap üstünde işlän hemra arkaly aragatnaşyk tehnologiýasynyň “iPhone 14”-de peýda bolup biljekdigi öňe sürülýär.

 “IPhone 14” seriýasynyň şu ýyl çykmagyna garaşylsa-da, kompaniýanyň ilkinji gezek wersiýalaryň arasynda ýiti komponent bölünişigi boljakdygy aýdylýar. “Apple” uzak wagtlap üstünde işlän täze tehnologiýasyny ýagny hemra arkaly aragatnaşyk ulgamyny şu ýyl ulanyjylaryna hödürlär.

 Şereketiň esaslandyryjysy Stiw Jobsyň “iPhone” telefonlarynda Wi-Fi we öýjükli baglanyşykdan başga bir aragatnaşyk modelini ulanmak arzuwydy. Bu arzuwy dowam etdirip, Tim Kuk 2019-njy ýylda ýörite topar döredip, “Stewie” kody bilen täze taslama başlady.

Sputnik arkaly aragatnaşyk gurup bilýän tehnologiýanyň prototip tapgyryna ýetendigi öňe sürülýär. Operatorlara garaşlylygy minimuma eltjek hemra aragatnaşyk ulgamy “iPhone 14” pro seriýasynda hem duş gelip biler.


Nurgeldi NURGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.