logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ir eken utar
  07.09.2020
860
Ir eken utar

      Tejenli gallaçy kärendeçiler geçen ýyly gowy görkezijiler bilen jemlediler. Emma daýhany ýetilen sepgitler arkaýynlandyrmaýar. Olar ata-babalarymyzyň “ir eken utar” diýen pähiminden ugur alyp, ýerleri güýzlük bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarladylar. Daýhan birleşikleriň we daýhan hojalyklaryň ählisinde ekerançylyk meýdanlaryny, güýzlik bugdaý ekişine taýýarlamakda kuwwatly tehnikalar gije-gündiziň dowamynda işledildi. Geçirilýän her bir işleriň netijesine aýratyn ähmiýet berildi. Ýerler ýokary hili sürüldi, tekizlendi we geriş çekildi.

      Ynha, bu gün bolsa etrabyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlaryny owadan görnüşler bezedi. Güýzlik bugdaýyň ekişine guramaçylykly girişildi. Daýhan birleşikleriň ählisinde gallaçy kärendeçiler öz işlerini ýörite guralan meýilnama esasynda alyp barýarlar. Güýzlik bugdaý ekişine gatnaşyjylara medeni-durmuş şertleriň göwnejaý ýola goýulmagy, tehnikalara talabalaýyk hyzmat edilmegi, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan däne ekişine gatnaşýanlara on günlik ýaryşlaryň yglan edilmegi, bu işleriň gün saýyn ilerlemegine getirýär. Önümçilikdäki öňegidişlikleriň artmagyna getirýär. Şonuň üçin-de etrabyň çägindäki ekerançylyk meýdanlarynda däne ekişini geçirilýän meýdanlaryň möçberi gün saýyn artýar.