logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /“Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik
  27.04.2024
783
“Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik

USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy “Maslahatly çözgüt” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamasyna başlaýar. Maksatnama laýyklykda zähmet pudagynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaklyga ymtylýan uniwersitetleriň we institutlaryň uçurymlaryna gönükdirilen bolup 2024-nji ýylyň maý aýynda  başlanyp 3 aýyň dowamynda tölegsiz esasda dowam eder.

 

Okuw maksatnama biri-birine bagly bolmadyk, her biri 1 aý dowam etjek 3 sany modul boýunça
 

  1. Logistika (Bu modul sizi logistika ulgamynda we eltip berme hyzmatyny dolandyrmakda ýetilen täze sepgitler bilen tanyşdyrar. Siz prosesleri kämilleşdirmek, netijeliligi ýokarlandyrmak we bäsdeşlikde üstünlige ýetmek üçin döwrebap gurallary we emeli aňy nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz);
     
  2. Marketing (Bu modul master-klasslaryň birnäçe tapgyryny özünde saklamak bilen, siz marketing hakynda, şol sanda sosial torlarda öňe gidişligi gazanmak, SEO-kämilleşdirmek we has gowy netijelere ýetmek üçin emeli aňy ulanmak hakynda bilimleri alarsyňyz);
     
  3. “HR” – işgärleri dolandyrmak moduly (Öňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze tehnologiýalary nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz)

alnyp barylar.

 

Logistika modulyna gatnaşmaklyk üçin bellige ýazylmak şu salgy boýunça amala aşyrylyp 2024-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli doldurmak zerurdyr.