logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Islandiýadaky Reýkanis wulkany ýene-de işjeň ýagdaýa geçdi
  17.03.2024
554
Islandiýadaky Reýkanis wulkany ýene-de işjeň ýagdaýa geçdi

Reýkanis wulkanynyň işjeň ýagdaýa geçmeginden birnäçe minut soň ondan lawa atylmaga başlady. Ýerli ýaşaýjylara tebigy howp boýunça dessine duýduryş berildi. 

 

Sebitde ýaşaýan 4000 adam, geçen aýky wulkan atylyşyndan soň, 19-njy fewralda öýlerine dolanyp bildi. Ýerli ýaşaýjylary ýene ewakuasiýa etmek göz öňünde tutulýar. 

 

Tebigy hadysanyň howa gatnawyna täsir etmeýändigi mälim edildi. Şeýle hem alymlar lawa akymyny synlamak üçin sebite dikuçaryň iberilendigini habar berdiler.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Islandiýada 33 sany işjeň wulkan bar. Reýkanis wulkany 2021-nji ýylda 800 ýyllyk ukusyndan oýandy.

 

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.