logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /IŞLER GURAMAÇYLYKLY BARÝAR
  08.07.2020
679
IŞLER GURAMAÇYLYKLY BARÝAR

       Tomus paslynyň gelmegi bilen pagtaçy daýhan aladalary has hem artdy. Gowaçalary iýmitlendirmek, olara suw tutmak, kuwwatly tehnikalar hem-de kämil gurallar bilen hatar ara bejergisini geçirmek bu işiň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem bu pasylda kärendeçi daýhan öz üstüne düşýän möhüm hem-de jogapkärli wezipelere diýseň oňat düşünýär. Ol bu işlerde tomus paslynyň howa şertleriniň amatlylygyna garap hereket edýär. Gowaçalaryň hatararalaryny bejermekde hem-de olary iýmitlendirmekde daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalar we gurallar gije-gündiziň dowamynda tejribeli mehanizatorlara ynanylyp işledilýär. Şol tehnikalara ýörite hyzmatlaryň iş üstünde ýola goýulmagy öňe gidişleri özeni bolup durýar. Gowaçalara ösüş suwlaryny tutmaklygy bolsa ekerançylykdan talabalaýyk baş çykarýan ökde suwçylara ynanylýar.

      Gowaçalara ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda hyzmat edilmegi bilen baglanyşykly işlerde pagtaçy kärendeçileriň özlerine degişli işlere öran uly üns berilýar. Emma müňa garamazdan etrap häkimliginiň, bu işe dahyly edara-kärhanalarynyň hünärmenleriniň bilelikde geçirýän maslahatlary gowaçalara hyzmat etmekligiň ýokary hilli bolmagyna täsir edýär. Muňa bolsa pagtaçy daýhan diýseň oňat düşünýar.