logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Ispaniýanyň bir obasy 260 müň ýewro satuwa çykaryldy
  08.11.2022
960
Ispaniýanyň bir obasy 260 müň ýewro satuwa çykaryldy

Ispaniýada 44 öýi, ybadathanasy, mekdebi, myhmanhanasy, bary we hatda öň harby bazasy bolan bir oba internetde 260 müň ýewro satlyga çykaryldy. Oba ýurduň Zamora şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Oba «Salto» diýlip atlandyrylýar.

Obany satyn aljak telekeçi zerur maýa goýumlaryny goýup, oba syýahatçylary çekip biljekdigi öňe sürülýär. Häzirki wagtda Ispaniýaly, Portugaliýaly Angliýaly uly işewür adamlar bu obany satyn almak boýunça gyzyklanýarlar.