logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär
  25.09.2025
2525
IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy maglumat tehnologiýalary ulgamynda «Türkmenistan – mümkinçilikler ýurdy» atly startap bäsleşigini geçirýärler. Ol ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli ýaşlaryň arasynda innowasion pikirleri goldamaga we telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

 

Bäsleşige mekdep we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlar, telekeçiler, şeýle hem IT hünärmenleri we döredijilikli pikirleriň awtorlary gatnaşyp bilerler.

 

Gatnaşmak üçin:

 

Baýraklar ugrunda bäsleşmek üçin 22-nji oktýabra çenli öz iş taslamaňyzy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Aşgabat şäher komitetine, Aşgabat şäheri, S. Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat salgysy boýunça tabşyrmaly. Her gatnaşyjydan diňe bir taslama kabul edilýär.

 

Taslamalary deslapky saýlanyp alnan awtorlar okuw “butkempyna” çagyrylar, ol ýerde olar startaplary dolandyrmak we maýa goýumlary çekmek boýunça öz endiklerini kämilleşdirip bilerler. Jemleýji tapgyrda gatnaşyjylar öz taslamalaryny eminler toparyna we hünärmenlere tanyşdyrarlar.

Giňişleýin maglumaty şu ýerden okap bilersiňiz.
 

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly