logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy
  04.06.2026
260
Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Italýan dilinde ýaňlanan aýdymlar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Dünýäde opera sungatynda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan Italiýa döwletiniň baý sungaty bar. Muny Aşgabatda guralan çäre hem ähli aýdyňlygy bilen subut etdi.

 

Dabara gatnaşyjylar çykyşlary gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylap, aýdymçydyr sazandalara minnetdarlyk bildirdiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu konsert myhmanlara ýakymly ýatlamalary bagyşlap, ähli sözleriniň soňy çekimli sese gutarýan bu owadan dile bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy.