logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Italiýada köp wagtlap dowam eden guraklykdan soň güýçli ýagyş ýagdy
  17.09.2022
1073
Italiýada köp wagtlap dowam eden guraklykdan soň güýçli ýagyş ýagdy

Birnäçe wagtlap dowam eden guraklykdan soň Italiýanyň birnäçe sebitinde güýçli ýagyş ýagdy. Hünärmenler bu ýagdaýy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly adaty bolmadyk meteorologiki hadysadygyny belleýärler. Ýurduň Marche sebitinde güýçli ýagyş sebäpli suw joşmasy boldy. Emele gelen suw joşmasy ýurduň dürli ýerlerinde çynlakaý weýrançylyk döretdi.


Italiýanyň milli meteorologiýa gullugynyň müdiri Carlo Cacciamani, «Beýle ýagdaýyň boljagyny pikir etmeýärdik. Güýçli ýagyşlardan soň emele gelen suw joşmasy ýurduň birnäçe sebitlerinde weýrançylyklara getirdi. Daşky gurşaw, has dogrusy tebigat biziň çaklaýşymyzdan tiz üýtgeýär.» - diýip belläp geçdi.