logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoni aradan çykdy!
  13.06.2023
1020
Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoni aradan çykdy!

Köp ýyllaryň dowamynda Italiýanyň syýasatynda we hat-da Ýewropa syýasatynda hem iň täsirli şahsyýetleriň biri Silwio Berluskoni aradan çykdy. Meşhur syýasatçy öz ýaşan döwründe özüni tanatmagy başarypdy. 

Eýsem Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoni näçe ýaşynda we näme sebäpden aradan çykdy? 

Silwio Berluskoni - 1936-njy ýylda Milanda orta gatlak maşgalasynda dünýä indi. Kakasy bankda işleýärdi, ejesi bolsa öý hojalykçydy.

Silwio Berluskoni Italiýada ilkibaşda telekeçi soňra metbugat işgäri boldy. Ol 1994-nji ýylda syýasata girdi.

Berluskoni 1994-2011-nji ýyllar aralygynda 4 dürli hökümete ýolbaşçylyk edip, iň uzak wagtlap premýer-ministr bolmagy başardy. Ol 1986-2017-nji ýyllar aralygynda Italiýanyň ilkinji futbol kluby bolan Milanyň prezidenti boldy. Berluskoni maýa goýumlary bilen Italiýada we Ýewropada möhüm rol oýnady.

Silwio Berluskoni beren hökümleri we aýdan sözleri bilen Italiýanyň syýasatynda uly yz galdyrdy.

Berluskoni (2023ý) 9-njy iýundan bäri Milanyň San Raffaele keselhanasynda Dowamly leýkoz sebäpli (süňk we ýilik bilen baglanyşykly döreýän ragyň bir görnüşi) bejergi alýardy. Onuň ýagdaýy 12-nji iýunda ýaramazlaşdy we 86 ýaşynda aradan çykdy.