logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Itburun ösümligi
  09.12.2021
1863
Itburun ösümligi

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi özüniň köp görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Ösümlik dünýäsi bolsa biziň ýetip bolmajak baýlygymyzdyr. Şolaryň arasynda özünde dürli biologiki maddalary saklaýan hem-de senagatyň dürli pudaklarda önüm öndürmekde ulanyp boljak peýdaly ösümlikler köpdir. Ýurdumyzda öňe sürülýän syýasatlaryň biri hem ýerli çig mallarymyzy ulanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek bolup durýar.

Şeýle ösümlikleri biri hem adam saglygyna peýdasynyň uludygy bilen tapawutlan itburun ösümligidir. Ol bägüller maşgalasyna degişli ýabany ösýän ösümlikleriň bir görnüşidir. Itburun ýarym ýalpyldyly galyň ýaprakly, goby gyzyl ýaş baldajykly bolýar. Miweleri gyzyl reňli. Häzirki döwürde itburundan ýabany hem-de medeni görnüşde miwe alynýar. Itburun öz gözelligi bilen hem tapawutlanyp, halk arasynda “meýdan bägüli”, “hamyrça”, “ýabany bägül” atlary bilen bellidir.

Bu ösümlik maý-iýun aýlarynda gülleýär, miweleri sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişip, sowuk düşmänkä ýygnalýar. Itburny derman hökmünde gadymyýetiň meşgur lukmanlary Bukrat hekim (Gippokrat), Dioskorid, Zakariýa, Razy, Abu Reýhan Biruny, Abu Aly Ibn Sina we başgalar hem ulanypdyr. Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylymynyň kanunlary” eserinde itburnuň gakylyk goparyjy, gusmanyň garşysyna we köşeşdiriji serişde hökmünde, şeýle hem it dişlände bejergi üçin peýdalanylýandygy beýan edilýär.

Ata-babalarymyz bu ösümligiň şypaly taraplaryny öwrenip, ony halk lukmançylygynda giňden peýdalanypdyrlar. Onuň miwelerini ter görnüşinde, şeýle-de guradylan görnüşini çaý hökmünde ulanypdyrlar. Häzir bu ösümlik diňe bir halk lukmançylygynda ulanylman, eýsem, azyk senagatynda-da giňden peýdalanylýar.

Bu ösümlik güýçli fitonsit we bakterisid häsiýete eýe bolup, köp mukdarda antioksidantlary saklaýar. Itburnuň miwesiniň efir ýagy dünýäde iň peýdaly kosmetiki ýaglaryň biri hasaplanyp, gözellik lukmançylygynda derini ýaşardyjy, ýumşadyjy, Günden goraýjy we ýara bitiriji serişde hökmünde bellidir.