logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /IÝMIT ÖNÜMLERI BARADA BILMEK PEÝDALY
  08.07.2022
1310
IÝMIT ÖNÜMLERI BARADA BILMEK PEÝDALY

    Miweleriň dürli görnüşleri esasy iýmit önümleri bolmasada hemme ýurtlarda diýen ýaly meşhurdyr.Olardan iň esasylary alma we apelsindir. Bu miweleri öndürmekde birinji ýerde Braziliýa we Hytaý durýar.

   Käbir şertli iýip bolýan gök önümler we miweler seçgiçileriň agyr zähmeti netijesinde doly iýip bolýan önümleriň hataryna geçdi.Meselem, käşir ilki başda gaty, tagamsyz we benewşe reňkde bolupdyr.Şireli, süýji mämişi käşiri tebigat dälde adamlar medenileşdiripdirler.

   Dünýäde pyrtykal şiresi meşgurlyga eýedir, emma iň meşhury çaý we kofe içgileridir. Ýeri gelende aýtsak, ikisi-de, esasanam kofe beýleki iýmit önümleriniň arasynda özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.

   Krekerler we guradylan miweler süýjüden hem has köp dişlere zyýan berýär. Sebäbi şeker dälde kislota dişleriň owramagyna getirýär.

   Hyýar suwsyzlyga garşy kömek edip biler.Sebäbi hyýaryň 96%-ni suw tutýar.

   Alymlar nohut ýagyny tehnikanyň kömegi bilen brillianta öwrüp bilýärler.

   Yzygiderli tiz tagam bagra gipatit keseli ýaly täsir edýär.

   Çagalaryň gowy görýän süýji pagtasy 1897-nji ýylda diş lukmany Uilýam Jeýms Morrison tarapyndan oýlap tapyldy.

   Geçirilen gözlegler, sarymsak bedeniň ysyny erbetleşdirmän eýsem hasam gowulaşdyrýandygyny görkezipdir.

Babamyrat Nurjykow

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby