logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Iýseň sarymsak, bolar seriň sag atly makala
  25.12.2021
674
Iýseň sarymsak, bolar seriň sag atly makala

Tebigy antibiotik hasaplanýan sarymsak özüniň birnäçe dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Sarymsagyň özüne mahsus ýiti tagamyny we ysyny onuň düzümindäki efir ýagdaýlary emele getirýär. Hatda Lukman Hekim hem köp keselleri bejermekde sarymsak iýmegi maslahat beripdir. Ony gowrup iýseň, aşgazany berkidýändigini, suwuny içseň, sarygetirmäni hem dep edýändigini belläpdir. Sarymsak işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriň bölünip çykmagyny güýçlendirýär.

         Lukmanlaryň bellemegine görä, gan basyşy bilen bagly ýüze çykýan kesellerde we aterosklerozda hem sarymsak giňden ulanylýar. Sowuklamada, bronhial demgysmada sarymsagyň mesge bilen garylan şülä meňzeş garyndysy döşe çalynýar.

         Sarymsagyň düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Şeýle-de onda köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar – fitonsidler bar. C, D, B, P toparlarynyň witaminleri bedeniň kesele garşy göreşijiligini berkidýär. Sarymsagyň dişjagazyny birnäçe minutlap çeýnemek agyz boşlugyndaky bakteriýalardan saplanmagyna ýardam edýär.

Lukmanlar ter sarymsagyň gyrgyçdan geçirilen melhemini hasanyň üstünde goýup, derä ýapmak bilen, bitmeýän ýaralary bejermekde peýda tapmagyň mümkindigini belleýärler. Çagalarda döreýän soguljanlary ýok etmekde sarymsagyň ergininden peýdalanmak netijeli usuldyr.