logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /“Jana melhem dag-deresi, howasy”
  14.11.2020
965
“Jana melhem dag-deresi, howasy”

    Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýurdymyzda hereket edýän “Saglyk’’ döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ynsan saglygyny goramak barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdymyzda birnäçe saglyk ulgamlary, hassahanalardyr, şypahanalar açylyp ulanylmaga berlip, olar dünýä ülňilerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle-de, 06.11.2020-nji ýyl senede ählimize mälim bolşy ýaly Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägine Hormatly Prezidentimiziň şa gadamy düşdi. Çünki bu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde ähli amatly şertleri bolan ,,Bagabat’’ şypahanasy açylyp ulanmaga berildi. Bagabat şypahanasy dag dereleriniň arassa howasynyň, dag jülgeleriniň arassa howasy esasynda klimatik şypahana hasaplanýar. “Bagabat” şypahanasy birbada 200 adama hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şypahana 1 adamlyk, 2 adamlyk we lüuks otaglaryndan ybaratdyr. Ýewropa döwletleriniň öndürijileri tarapyndan öndürlen tehnologiýanyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu şypahana saglygyny bejertmäge baran raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat eder. “Bagabat” şypahanasy klimatik şypahana bolany üçin dem alyş ýollarynyň keselleriniň dikeldiş döwrüni geçirmek üçin niýetlenendir. Bu şypahanada 200 orunlyk naharhana bolup ýokarky gatda 100 orunlyk, aşaky gatda 100 orunlyk adama niýetlenendir. Şeýle-de, şypahanada hammamlaryň dürli görnüşleri bar. Hammamlar toplumy, gury  we çygly hammamlardan ybaratdyr. Dem alyş ýollary üçin ingalýasiýa otagy, aroma terapeýa otagy, ozona terapeýa otagy, şeýle-de birnäçe basseýnler halkymyzyň saglygyny dikeltmäge uly mümkinçilik berer. Şypahanada laboratoriýa barlaglaryny geçirmek üçin laboratoriýa enjamlary ýerleşdirilen. Şypahananyň daş töweregi dürli yşyklandyryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp bu ýere has-da gözellik berýär. Daş töwereginiň dürli baglar, ir-iýmişli baglar, güller bilen abadanlaşdyrylmagy şypahananyň ekologiýa ýagdaýyna uly täsirini ýetirýär. Elbetde bu uly göwrümli şypahana gelen her bir raýat öz derdine derman tapar. Şeýle ajaýyp şypahanany açyp bereni üçin Hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys!