Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /“Jana melhem dag-deresi, howasy”
  17.03.2022
866
“Jana melhem dag-deresi, howasy”

Bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ady nagyşlara öwrülip ýazylan Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda alyp barýan beýik işleri halkara derejesinde uly gyzyklanma döredip, dünýä bilermenleriniň üns merkezinde bolup durýar. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýurdymyzda hereket edýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ynsan saglygyny goramak barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdymyzda birnäçe saglyk ulgamlary, hassahanalardyr, şypahanalar açylyp ulanylmaga berlip, olar dünýä ülňilerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle hem 06.11.2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ähli amatly şertleri bolan “Bagabat” şypahanasy açylyp ulanmaga berildi. “Bagabat” şypahanasy dag dereleriniň arassa howasynyň, dag jülgeleriniň arassa howasy esasynda klimatik şypahana hasaplanýar. “Bagabat” şypahanasy birbada 200 adama hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şypahana 1 adamlyk, 2 adamlyk we lýuks otaglaryndan ybaratdyr. Ýewropa döwletleriniň öndürijileri tarapyndan öndürlen tehnologiýanyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu şypahana saglygyny bejertmäge baran raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat eder. “Bagabat” şypahanasy klimatik şypahana bolany üçin dem alyş ýollarynyň keselleriniň dikeldiş döwrüni geçirmek üçin niýetlenendir. Bu şypahanada 200 orunlyk naharhana bolup ýokarky gatda 100 orunlyk, aşaky gatda 100 orunlyk adama niýetlenendir. Şeýle-de, şypahanada hammamlaryň dürli görnüşleri bar. Hammamlar toplumy, gury we çygly hammamlardan ybaratdyr. Dem alyş ýollary üçin ingalýasiýa otagy, aroma terapeýa otagy, ozona terapiýa otagy, şeýle-de birnäçe basseýnler halkymyzyň saglygyny dikeltmäge uly mümkinçilik berer. Şypahanada laboratoriýa barlaglaryny geçirmek üçin laboratoriýa enjamlary ýerleşdirilen. Şypahananyň daş töweregi dürli yşyklandyryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp bu ýere has-da gözellik berýär. Daş töwereginiň dürli baglar, ir-iýmişli baglar, güller bilen abadanlaşdyrylmagy şypahananyň ekologiýa ýagdaýyna uly täsirini ýetirýär. Elbetde bu uly göwrümli şypahana gelen her bir raýat öz derdine derman tapýar. Şeýle hem bu şypahana gelýän raýatlar ajaýyp şypahanany açyp ulanmaga beren Hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsunlaryny aýdýarlar.