logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Jebelde Halkara aeroportuň gurluşygyna girişildi
  26.08.2022
893
Jebelde Halkara aeroportuň gurluşygyna girişildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde Halkara aeroportuň gurluşygyna girişdi. Belläp geçsek, bu hususy kärhana mundan öň Türkmenabadyň Halkara aeroportunyň, Kerki şäherindäki aeroportyň gurluşygyny amala aşyrdy.

 

 

Şunlukda, «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan Jebelde 275 gektar meýdanda ýolagçy we ýük terminallary, dispetçer punkty, halas ediş we ýangyşa garşy göreş gulluklarynyň binalary, 3200 metr uçuş-gonuş zolagy we 6 uçara hem-de 4 dikuçara niýetlenen duralga gurlar, golaýyndaky ýerler abadanlaşdyrlar. Netijede Balkan wealýatynyň bu aeroporty agramy çäklendirilmedik, kän ýükli we ýokary derejeli uçarlary kabul edip biler, bu bolsa täze awiakompaniýalary çekmäge we ýük tarifleri bilen işlemäge mümkinçilik berer. Şeýle hem Jebeldäki aeroport toplumy howa gämileriniň ähli görnüşini kabul etmäge mümkinçilik berýän ýerüsti enjamlar bilen üpjün ediler.

 

 

«Gündogdy» hususy kärhanasy Jebeldäki aeroprot toplumyny 2024-nji ýylda ulanmaga bermegi göz öňünde tutýar.