Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Syýasat /Jemgyýetçilik guramalarynda maksatnamalar barada maslatlar geçirilýär
  12.03.2024
312
Jemgyýetçilik guramalarynda maksatnamalar barada maslatlar geçirilýär

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezinde Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler we «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler barada maslahat duşuşygy geçirildi.

 

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ilatyň iş üpjünçiligini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

 

Ýurduň ýaşlarynyň döwrebap bilim almagynda, saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmagynda, ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde hem-de özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly wezipeleriň bu Maksatnamada esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi, ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky güwäsidir. Bu bolsa gönüden-göni ýaşlaryň hukuklary, durmuş taýdan goraglylygy we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler.

 

 

Didar GELDIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.