Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /«John Deere 61175M» kysymly kombaýnlaryň 50-si gelip gowuşdy
  23.01.2023
902
«John Deere 61175M» kysymly kombaýnlaryň 50-si gelip gowuşdy

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine «John Deere 61175M» kysymly kuwwatly kombaýnlaryň ýene-de 50-si gelip gowuşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň galla oragy möwsümine çenli olaryň üstüniň ýene-de 16 kombaýn bilen ýetirilmegine garaşylýar.

Täze kombaýnlaryň köpugurlydygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýlelikde, olary däneli ekinleriň islendik görnüşiniň oragynda peýdalanmak mümkindir.

Şu günler birleşigiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda traktorlary we ekijileri geljek baharda geçiriljek gowaça ekişine taýýarlamak boýunça işler hem ýokary depginde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda satyn alnan Fransiýanyň «Monosem» kompaniýasynyň takyk gowaça ekijileri, ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly, bir wagtyň özünde hem dökün berýän, hem topragy ýumşadýan enjamlary welaýatda oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerini artdyrýar. Bu tehnikalar sakasynda hormatly Prezidentimiz duran oba hojalyk özgertmelerini netijeli durmuşa geçirmäge ýakyndan ýardam berýär.