logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Jozef Baýden Nowruz baýramyny belleýän halklary gutlady
  19.03.2022
984
Jozef Baýden Nowruz baýramyny belleýän halklary gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Nowruz baýramyny belleýän halkalara gutlag hatyny ýollady, Bu barada, “Report” habarlar gullugy habar berýär.

Nowruz baýramy mynasybetli Waşington şäherinde onlaýn geçirilen çärä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem gatnaşdy. Blinken çärede Nowruz baýramyny belleýän halklary Josef Baýdeniň hem-de amerikan halkynyň adyndan gutlady.

Şeýle-de Blinken täze paslyň gelmegi bilen, dünýäniň uly we kiçi meseleleriň ählisinden üstün çykyljakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Nowruz baýramy mynasybetli Waşington şäherinde geçirilen onlaýn çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ilçihanalary tarapyndan bilelikde gurnaldy.