logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /"KÄBÄM"
  30.07.2022
940
"KÄBÄM"

Ak daňy sylyp alnyňa,
Sag-aman ördüňmi, käbäm?
Gijäň münüp at ardyna,
Gaçyşyn gördüňmi, käbäm?

Bakman sagyňa-soluňa,
Haýran men hamrak halyňa,
Düýşmi, huş, şapak alyna,
Ýüp boýap ýördüňmi, käbäm?!

Öýüň bar keşigin çekip,
Hemmä gözüň kibi bakyp,
Turmankak peýniriň çakyp,
Gurduňy serdiňmi, käbäm?!

Görmedim hiç ardygyňy,
Aýdyp kemim, artygymy,
Has ezizläp agtygyňy,
Saçlaryn ördüňmi, käbäm?!

Öwrülipsiň höwrümize,
Garrap barýaň göwnümize,
Bersek alman, ömrümize,
Ömrüňi berdiňmi, käbäm?!

Syk dokansyň, inçe egrip,
Günler tagzym eder eglip,
Şükür, bu gün ýokdur egsik,
Myradyň berdigi, käbäm!

Jänegül GURBANOWA