logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«KÄBÄM»
  30.07.2022
1179
«KÄBÄM»

«Balam, indi haçan gelersiň?» diýip,
Gözleri ýolumda eglenen käbäm.
Nepesinden ylham, päkligi guýup,
Durky muhabbete eýlenen käbäm.

Pähimleriň teşne göwne teselli,
Deň çekişdiň bar ünjimi, hesermi,
Saňa bagyşlasam tutuş esermi,
Ömri ýyllar içre düýrlenen käbäm.

Dahanyňda hoş sözleriň asaly,
Özüň nusga, edep-haýaň asyly.
Maňlaýa düşüpdir ýyllaň gasyny,
Päklikde nusga deý saýlanan käbäm.


Gülälek RAHYMOWA