logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Käbäm ejem» - Çemen ANNABERDIÝEWA
  07.03.2023
1559
«Käbäm ejem» - Çemen ANNABERDIÝEWA

Mylaýym ýylgyrşyň mydam ýadymda,
Törümiň bezegi, käbäm ejem, sen.
Nirde bolsam, seniň söýgiň ýanymda,
Ömrümiň diregi, käbäm ejem, sen.

Mydam ýolum garar mähirli gözüň,
Derdimi egiser dürdäne sözüň,
Keramat-gudratyň eýesi özüň,
Başymyň saýasy, käbäm ejem, sen.

Nurana keşbiňde paýhas nury bar,
Senli günlermize many, şatlyk ýar,
«Balam» diýip, çekmäwersin ene zar,
Janyndan jan beren, käbäm ejem, sen.

Döneýin men belent başyň agyna,
Örkli sen balalaň ýürek bagyna,
Guwanar gyz-ogul — mähribanyna,
«Janam» diýip söýen, käbäm ejem, sen.

Hiňlen ýene, diňläýin men hüwdüleň,
Gussa batsam, göwnüm götär öwgüleň,
Gujagy jennetiň goýny öýdülen,
Dünýäni bagş eden, käbäm ejem, sen.