logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Kadaly iýmitleniň sagdyn boluň
  26.03.2022
1471
Kadaly iýmitleniň sagdyn boluň

Adam saglygy üçin iňňän peýdaly miweler kakadylyp, uzak wagtlap saklanan ýagdaýynda A, B, С, D, toparlaryna degişli bolan witaminlere baý bolmak bilen çäklenmän, düzüminde mikroelementleri hem köp saklaýar. Pektinler aşgazan-içege synalaryny sagdynlaşdyrýar, iýmit siňdiriş agzalaryny işjeňleşdirýär, içgatama we içgeçme ýaly kesselerden goraýar.

         Kakadylan hurma ýadawlygy aýyrýar, immun ulgamyny işjeňleşdirýär. Onuň düzümi saharoza we fruktoza ýaly ýeňil uglewodlardan durýar. Olar düzümindäki peýdaly mikroelenentleriň hasabyna dişiň syrçasyny berkidýär. Mundan başga-da, hurmada beýniniň we nerw ulgamynyň sagdyn işlemegi üçin talap edilýän aminokislotalaryň 20-den gowrak görnüşi saklanýar. Ondaky A witamini gözüň görejiligini ýiteldýär, С we E witaminleri immuniteti berkidýär hem-de bedeniň dürli kessellere garşy göreşijilik güýjüni, gan aýlanyşyny ýokarlandyrýar.

Uglewodlara baý kakadylan miweleri iýmek süýji keseli, aşgazan-içege ýollarynyň näsazlyklary, şeýle hem allergiýasy bolan adamlara maslahat berilmeýär.

         Garaly adamyň bedenindäki biologik deňeçerligi dikeldýär we bedendäki maddalaryň alyş-çalşyny kadalaşdyrýar. Garalyda köp mukdarda karotin we pektin bar. Karotin adam bedeninde A witaminini emele getirýär. Garaly iýmit siňdirişe oňyn täsir edýär, ol içegäni arassalaýar we işjeňleşdirýär. Pektin maddalary içegäniň işini gowulandyrmak bilen, ony zäherli maddalardan arassalaýar. Garaly guragyry, böwrek, bagyr, aşgazan-içege kesellerinde peýdalydyr.

         Garalynyň 5-6 kişdesini agşamlygyna bir bulgur gaýnap sowan sowuk suwda ezip goýmaly. Ir bilen ajöze garaly kişdelerini iýmegi maslahat berýäris.

         Kakadylan miwelerden dürli miwe suwlaryny, tagamly gaýnatmalary taýýarlaýar, olar çorbalara hem süýtli şülelere, palawa goşulýar. Ter hem kakadylan dürli ir-iýmişler hemişe-de bereketli saçaklarymyzyň bezegi bolup durýar.