logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Kadaly uky ömri uzaldýar!
  15.03.2023
1684
Kadaly uky ömri uzaldýar!

Uzak ýaşamak isleýärsiňizmi? Onda kadaly ukyňyzy alyň. Täze geçirilen gözlegleriň netijesine görä, kadaly uky erkek adamyň ömrüne takmynan bäş ýyl, zenanlaryň ömrüne bolsa takmynan 2,5 ýyl goşýar. 

Kadaly ukyny almak üçin näme etmeli? 

- Ilki bilen, her gije ýedi-sekiz sagat uklamaly. Şeýle-de bolsa, bu köp adam üçin gaty kyn. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň maglumatlaryna görä, Amerikalylaryň her 3-den biri ukusyzlykdan ejir çekýär.

- Başga bir tarapdan, has gowy uklamak üçin has uzak wagtlap ýatmak ýeterlik däl. Ukyňyz üznüksiz we rahat bolmaly. Ýagny bu diýmek bütin gije oýanmaly däl we uklamakda kynçylyk çekmeli däl. Mundan başga-da, kadaly uky üçin hiç hili uky dermanlaryny ulanmaly däl.
 

Amerikan Kardiologiýa Kollejiniň ýyllyk ýygnagynda hödürlenen deslapky gözleg, 2013-nji we 2018-nji ýyllar aralygynda Milli Saglyk Söhbetdeşlik Anketasynyň uky soragnamalaryna jogap beren 172 müňden gowrak adamyň maglumatlary seljerildi.

Anketanyň dowamynda bäş sagdyn uky endiginiň hersine (aňsatlyk bilen uklamak, gijelerine oýanmazlyk, ýedi-sekiz sagat uklamak, dynç almak we uky dermanlaryndan ýüz öwürmek) baha berildi. Adamlar bu bäş endigiň näçeräkdigine esaslanyp bal aldylar. Takmynan dört ýyl soň, alymlar bu ballary Milli Ölüm Indeksiniň ýazgylary bilen deňeşdirip, uky endikleriniň haýsydyr bir sebäpden wagtyndan öň ölmegine sebäp bolýandygyny ýa-da ýokdugyny anykladylar. 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.