logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka Dokma toplumynda duşuşyk geçirildi
  25.05.2023
1081
Kaka Dokma toplumynda duşuşyk geçirildi

Ýakynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Kaka etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen halysy-halkymyzyň kalby» atly wagyz-nesihat duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýän türkmen halysy, köklerini gadymy eýýamlardan alyp gaýdýan türkmen halyçylyk sungaty dünýäniň medeni mirasynda mynasyp orny hem-de abraýly halkara sergilerinde mynasyp bolan köp sanly sylaglary türkmen zenanlarynyň döredijilikli zähmetine berlen ýokary bahalar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşyga ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy doly öwrenmäge giň ýol açýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleri rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Meýlismyrat MYRADOW, 

Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň başlygy.