logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Kaka dokma toplumynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  06.04.2023
832
Kaka dokma toplumynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Kaka dokma toplumynyň mejlisler jaýynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Duşuşyk Kaka etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda boldy. Oňa dokma toplumynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşygyň barşynda milli ýol-ýörelgeler, maşgala mukadessligi, ýaşlaryň edep-terbiýesi, ahlak kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri dogrusynda aýratyn durlup geçildi hem-de oňa gatnaşyjylara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.