logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynda armydyň «Uilmýams» atly gadymy iňlis sorty ýetişdirilýär
  08.08.2023
804
Kaka etrabynda armydyň «Uilmýams» atly gadymy iňlis sorty ýetişdirilýär

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň bagbany Oraznepes Öwezgeldiýew armydyň «Uilmýams» atly gadymy iňlis sortyny ýetişdirýär. Bu barada «Biznes Reklama» gazetiniň br.com.tm resmi web saýty habar berýär.

 

Oraznepes Öwezgeldiýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Italiýada, Täjigistanda bagbanlar bilen duşuşyp, şol ýurtlardan hem Türkmenistanyň howa şertlerine gabat gelýän şitillerini getiripdir. Şolaryň biri hem armydyň «Uilmýams» sortudyr. Bagban ony Italiýadan getiripdir.

 

Armydyň «Uilmýams» atly gadymy iňlis sortyny islendik hojalykda ýetişdirip bolýar. Hususan-da, ony uly möçberdäki önümçilik üçin ekýärler. «Uilmýamsyň» armydynyň miwesi ortaça göwrümde bolýar. Onuň bir miwesiniň agramy 150 gramdan 170 grama çenli ýetip bilýär. Ýaş agaçlarda bolsa, bu görkeziji 180 gramdan 200 grama çenli ýetýär. «Uilmýams» armydy awgust aýynyň ahyrynda bişýär.

 

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň bagbany Oraznepes Öwezgeldiýew öz bagbançylyk hojalygynda armyt başga-da dürli nahalary ösdürip ýetirdirýär. Ol 10 gektar ýeriniň 3 gektarynda çynaryň, ýasiniň, meliniň we klýonyň jemi 10 müň düýpden gowragyny, 7 gektar ýerinde bolsa şetdaly, erik, hurma, badam, garaly ýaly miweli baglaryň hersiniň 5 müň düýpden gowragyny ösdürýär.