logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynda Gallaçylaryň armasy ýetirildi
  07.06.2023
1000
Kaka etrabynda Gallaçylaryň armasy ýetirildi

Etrabyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygynyň bugdaýly meýdanynda  bolan medeni-dynç alyş dabarasy gallaçylara egsilmez ruhubelentlik paýlady. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaranyň barşynda galla oragy möwsümine gatnaşyjylaryň armasy ýetirilip, olara asylly işde uly üstünlikler arzuw edildi.

Etrabyň medeniýet bölüminiň aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirilen hoş owazly, belent mukamly aýdym-sazlar tans çykyşlary bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Bu bolsa, ol ýere ýygnanan kärendeçileriň, awtoulag sürüjileriniň, mehanizatorlaryň we tehnikalara hyzmat ediş toparyň agzalarynyň şatlygyna şatlyk goşup, päk zähmete bolan söýgüsini goşalandyrdy.

Gallaçylar baý mazmunly sergileri hem synladylar. Soňra orak möwsüminde tapawutlanýan öňdebaryjy zähmetkeşleriň uly topary sylaglandy. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp bolan zähmetkeşler özleri hakda edýän aladasy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. 

 

Güljahan SOLTANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Kaka etrap birleşmesiniň işgäri, 
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.