logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynda «Neşekeşlik ýowuz bela» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  12.05.2023
1200
Kaka etrabynda «Neşekeşlik ýowuz bela» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Neşekeşlik ýowuz bela» atly wagyz-nesihat duşuşygy Kaka Pagta arassalaýjy kärhanasynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň işgärleri, edara-kärhananyň ýaş hünärmenleri we KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdy.

 

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň  jemgyýetimize howp salýan nogsanlyklaryň biri bolan neşe atly bu aýylganç belanyň garşysyna barlyşyksyz göreşiň yglan edilmegiň, neşe söwdasyny edýänleri jemgyýetden çetleşdirmek bilen çäklenmän, ýaşlary bu bela-beterden saklamaga, neşekeşlik we temmäki, çilim önümleri adamyň diňe bir beden sagdynlygyna zeper ýetirmän, tutuş jemgyýete geljekki nesil üçin howp salýandygyny, şonuň üçin hem bu pes hem pis pişeden gaça durmak, ondan goranmak, oňa garşy göreşmek barada halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek, milletiň genofondunyň arassalygyny gorap saklamak, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek baradaky syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň şertler dogrusynda gürrüň berdi.

 

 

Oguldursun ALLANUROWA, 

Kaka etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň
ilkinji guramasynyň başlygy.