logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Kaka etrabynda okuwçylar bilen söhbetdeşlik geçirildi
  13.10.2023
990
Kaka etrabynda okuwçylar bilen söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň okuw binasynda bilim - terbiýeçilik işgärleri we ýokary synp okuwçylary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki gelip gowşan karardyr kanunlar hakynda söhbetdeşlik gurnaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki edilen çykyşlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemme taraplaýyn ösüşiniň esasy meselelerine seredilmegi, milli ykdysadyýetiniň saglyk, bilim, sport, syýahatçylyk, medeniýet we oba hojalygy ulgamlarynyň özgermegi babatynda tolgundyrjy buýsançly gollanmalara beslenendigi hemmeleri begendirdi.

 

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - “Altyn aý” altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen adynyň dakylmagy ähli halkymyzy, şol sandaşu günki duşuşyga gatnaşan bilim işgärlerini hem buýsandyrdy, begendirdi. Duşuşygyň ahyrynda şeýle döwletli halk maslahatynyň geçirilmegi geljekde raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün eder diýip duşuşyga gatnaşanlar bellediler.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.