logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Kaka etrabynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi
  19.04.2023
755
Kaka etrabynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi

Aprel aýynyň dowamynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleriň çäginde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşi we Kaka etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabymyzyň bilim işgärleriniň arasynda Kaka şäheriniň №16-njy orta mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşýan bilim işgärlerinden düzülen toparlar sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen bäsleşiklerde oňat netijeler görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bu geçirilen bäsleşikde sportuň woleýbol görnüşi boýunça I orna Kaka etrabynyň №10-njy orta mekdebiniň topary, II orna Kaka şäheriniň №15-nji orta mekdebiniň topary, III orna Kaka etrabynyň №4-nji orta mekdebiniň topary mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan bilim işgärlerinden düzülen toparlara Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan höweslendirme sowgatlary  gowşuryldy. Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda dowam etdi.

Bäsleşige gatnaşan kärdeşlerimiziň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan sahawatly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler. 

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň başlygy.